Teswirnama
Ynsan hukuklaryny goraýjylar üçin umumy howpsuzlyk gollanmasy
Last updated
Copyright © Open Briefing Ltd, 2020-22. Some rights reserved. Licensed under a Creative Commons BY-NC 4.0 licence.
Ynsan hukuklaryny goraýjylar üçin umumy howpsuzlyk gollanmasy
Last updated
Adam hukuklaryny goraýjylar üçin Umumy howpsuzlyk gollanmasy (Goraýjynyň gollanmasy), fiziki howpsuzlygymyzy, sanly howpsuzlygymyzy, abadançylygymyzy we durnuklylygymyzy ösdürmäge ýardam berýär. Gollanma esaslaryna görä hereket edip, şahsy we köpçülikleýin howpsuzlygymyzy ösdürýäris, şeýle hem bize we jemgyýetimize edilýän hüjümleriň, azar bermeleriň we senzuralaryň täsirini azaldyp bileris.
Goragçynyň teswirnamasy Open Brifing tarapyndan döredildi we Demokratiýa Milli Gaznasynyň, Ford gaznasynyň we Oak gaznasynyň goldawy netijesinde mümkin boldy.
Goraýjynyň gollanmasy, Open Briefing-iň bütin dünýäde töwekgelçilik astyndaky goraýjylar bilen işlemek tejribesine esaslanýar; muňa garamazdan umumy gollanmada görkezilip bilinmeýän möhüm ýerli tapawutlar bardyr, we siz Gollanmany öz ýagdaýyňyza, işiňize we tertibiňize görä utgaşdyrmaly.
Duş gelýän töwekgelçiliklere has gowy düşünmäge we olary dolandyrmaga çemeleşiň:
Ýoldaşlaryňyzyň we garşydaşlaryňyzyň kimlerdigine göz ýetiriň Ýaranlaryňyzyň sizi goramak üçin ulanyp biljek çeşmelerine we mümkinçiliklerine göz ýetiriň. Garşydaşlaryňyzyň mümkinçiliklerine we niýetlerine düşüniň, şeýlelikde siz olaryň döretjek howpuny has gowy kesgitläp bilersiňiz.
Işiňiziň, şahsyýetiňiziň, taktikaňyzyň we beýleki faktorlaryň we aýratynlyklaryňyzyň gowşaklygyňyzy nähili artdyrýandygy ýa-da peseldýändigini, ýa-da howplara duçar edýändigini dykgata alyň.
Size abanýan howpuň derejesine düşünmek üçin hüjümiň ýa-da başga bir hadysanyň ýüze çykma ähtimallygyna we ýetirjek täsirine baha beriň.
Size bolan her töwekgelçiligiň ähtimallygyny we/ýa-da onuň täsirini azaltmak üçin anyk çäreleri görüň.
Daş-töweregiňizde bolup geçýän zatlardan habardar boluň we töweregiňizdäki adamlardaky we zatlardaky üýtgeşmelerden ägä boluň.
Ynamdar we başarnykly dostuňyzdan, işdeşiňizden ýa-da maşgala agzaňyzdan howpsuz aragatnaşykçyňyz bolmaklaryny soraň. Töwekgelçiligiň ýokary bolan wagtynda nirä barýandygyňyzy, näme edýändigiňizi we haçan gaýdyp geljekdigiňizi öňünden habar beriň. Günüň dowamynda öňünden ylalaşylan tertibe görä yzygiderli howpsuz aragatnaşykçyňyz bilen habarlaşyň. Olaryň sizden habar alyp bilmedik ýagdaýynda näme etmelidikleri we kime ýüz tutmalydyklary barada ylalaşyp goýuň.
Ýokary töwekgelçilikli döwürde ýa-da ýerlerde dostlaryňyz, maşgala agzalaryňyz ýa-da işdeşleriňiz bilen syýahat ediň ýa-da halkara gorag goldawyny soraň.
Iň erbet ýagdaý ýüze çykan halatynda size has gowy goldaw berip bilmekleri üçin maşgalaňyzy we işdeşleriňizi taýynlaň:
Wajyp maliýe we hukuk resminamalaryňyzyň nirede saklanýandygyny wesýetnama yazyp, maşgalaňyzyň olary bilýändigine göz ýetiriň.
Siziň ýoklugyňyzda işdeşleriňiziň işi dowam etmekleri üçin olar bilen yzygiderlilik meýilnamasyny düzüň.
Maşgalaňyza we işdeşleriňize göçmek, syýasy gaçybatalga gözlemek, ýa-da geljekdäki repressiýalardan goranmak üçin meýilnama düzmäge ýardam beriň.
Mümkinçilik bar bolsa, adam hukuklaryny goraýjylar üçin döredilen umumy howpsuzlyk okuwyny tamamlaň. Şeýle hem, ilkinji lukmançylyk kömegi boýunça tälimi tamamlamagy we öýüňiz, ulagyňyz we iş ýeriňiz üçin trawma garşy şahsy serişdeleri satyn almagy göz öňünde tutuň.
Siziň we maşgalaňyzyň kabul etmäge taýyn howpyň derejesine göz ýetiriň. Ýagdaý siziň üçin has töwekgelçilikli bolup başlasa, kömek soramakdan ýa-da işiňizi duruzmakdan çekinmäň.
Özüňizde saklaýan dürli maglumat görnüşlerine serediň we olaryň işiňizdäki gymmatyna, hüjümçiniň olara girmeginiň netijesinde size we başgalara bolup biljek zyýana has gowy düşünmäge çalyşyň. Iň wajyp ähmiýete eýe ýa-da uly zyýan berip biljek emläkleri goramak üçin goşmaça çäreleri görüň.
Eger hökmany paýlaşylmaly bolsa, işdeşler bilen ýüzbe-ýüz habarlaşyň ýa-da uçdan uja şifrlenen we hatlary yzyna getirip bolmaz ýaly bozmaga mümkinçilik berýän aragatnaşyk gurallaryny ulanyň.
Ulanýan islendik kompýuteriňiziň ýa-da ykjam enjamyňyzyň:
Rugsat berilmedik adamlara fiziki taýdan elýeter bolmazlygyny üpjün ediň.
Açmak üçin parol ýa-da açar sözüň bolmagyny üpjün ediň.
Operasion ulgamynyň iň soňky wersiýalarynda we ähli gurlan programmalary/ programma üpjünçilik paketlerinde işleýändigine göz ýertiriň.
Ýurduňyzda kanuna laýyk bolsa, diski doly şifrlemek işjeňleşdirilen.
Antiwirus programma üpjünçiligi we gorag diwary gurnalan, täzelenen we dogry düzülen bolmaly.
Gaýtadan proşiwkalanan “jailbrake” ýa-da “rooting” amaly ýerine ýetirilmedik we kanunsyz programma üpjünçiliginiň bolmazlygyny üpjün etmeli.
"Sleep" ýa-da "hibernate" ýagdaýynda däl-de, mümkin boldugyça ýygy-ýygydan doly öçürmeli we elektrik üpjünçiliginden aýyrmaly.
Ulanýan islendik onlaýn hyzmatyňyzda aşakdakylaryň bardygyna göz ýetiriň:
Girmek üçin çylşyrymly, ýeketäk açar söz talap edýär.
Eger bar bolsa, iki faktorly anyklama (2FA / 2SV) işjeňleşdirilen bolmaly.
Umumy ýa-da näbelli tor arkaly internete girýän bolsaňyz, gizlinlige gönükdirilen VPN ulanyň.
Zerur bolmaýan wajyp maglumatlaryň ähli görnüşleri we üýtgeşmeleri bilen dessine pozuň we olary dikeldip bolmajakdygyna göz ýetiriň.
Uky tertibini kadaly tutuň, şol sanda gijeki tertibi ýola goýuň we mümkin bolsa ýakymly uky gurşawyny dörediň.
Öz wagtynda nahar iýiň we sagdyn iýmitleniň.
Yzygiderli ýöräň, maşk ediň ýa-da sport bilen meşgullanyň.
Fiziki kesellere we şikeslere çäre görmeli we özüňi bejermek üçin wagt aýyrmaly.
Her gün özüňi seljermeli we oýlanyşyk amallary bilen meşgullanmaly.
Aladalara ýa-da şikeslere garşy göreşmek üçin neşe ýa-da alkogol ulanmaň.
Size goldaw berip biljek dostlaryňyz, maşgalaňyz, işdeşleriňiz we jemgyýetiň agzalary bilen aragatnaşyklary saklaň.
Stressleriň saglygyňyza we abadançylygyňyzyň üýtgemegine sebäp bolup biljekdigine düşüniň we özüňizdäki stresiň alamatlaryny tanamagy öwreniň.
Jogapkärçilik çekmezlik: Open Briefing, kanun tarapyndan rugsat berlen derejede, bu çeşmäniň ulanylmagy ýa-da nädogry ulanylmagy netijesinde ýüze çykan ýitgiler, zeperler ýa-da zyýanlar üçin jogapkärçilik çekmeýär.
Copyright © Open Briefing Ltd, 2020-22. Some rights reserved. Licensed under a Creative Commons Attribution-NonCommercial 4.0 International Licence.